Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Biz barada

1. Mary şäher häkimligi
2. Baýramaly şäher häkimligi
3. Oguzhan etrap häkimligi
4. Mary etrap häkimligi
5. Wekilbazar etrap häkimligi
6. Sakarçäge etrap häkimligi
7. Baýramaly etrap häkimligi
8. Garagum etrap häkimligi
9. Türkmengala etrap häkimligi
10. Ýolöten etrap häkimligi
11. Murgap etrap häkimligi
12. Tagtabazar etrap häkimligi
13. Mary welaýat Jemagat hojalygy birleşigi
14. „Bagt köşgi“ toý dabaralary merkezi
15. Düýpli gurluşyk müdirligi
16. „Marygurluşyk“ önümçilik birleşigi
17. Mary welaýat Tehniki tükelleýiş
18. Mary welaýat Ýaşaýyş jaý biržasy
19. Baýramaly ýöriteleşdirilen gurluşyk dolandyrmasy
20. Sakarçäge etrabyndaky 6-njy başlangyç hünär okuw mekdebi
21. Mary etrabyndaky 7-nji başlangyç hünär okuw mekdebi
22. Murgap etrabyndaky 8-nji başlangyç hünär okuw mekdebi
23. Baýramaly şäheriniň 9-njy başlangyç hünär okuw mekdebi
24. Ýolöten etrabyndaky 10-njy başlangyç hünär okuw mekdebi

Mary welaýaty administratiw taýdan 10 sany etraba we 2 sany şähere bölünýär. Welaýatyň merkezi Mary şäheri. Mary welaýaty ýurdumyzyň günorta sebiti bolmak bilen, özüniň geografiki ýerleşişi boýunça dostlukly Owganystan döwleti bilen araçäkleşýär. Gözbaşyny bu goňşy ýurduň daglaryndan alyp gaýdan Murgap derýasy, şeýle-de, Amyderýadan gözbaş alýan Garagum derýasy welaýatymyzy suw bilen üpjün edýär.
Welaýatymyzyň durmuş ykdysady ýagdaýy barada aýdanyňda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde Mary welaýatynyň tutýan orny uludyr. Welaýatyň senagaty durnukly depginlerde ösýär. Onuň esasyny gaz çykarmak, elektrik energiýasyny işläp çykarmak, maşyn gurluşygy we metal işläp bejermek, pagtany gaýtadan işlemek, mineral dökünleri öndürmek, azyk, dokma pudaklar düzýär.
Mary welaýaty ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen bir hatarda oba hojalyk, maldarçylyk önümlerini öndürmekde, pagta, galla, gök, bakja, miwe, üzüm we gant şugundyryny ösdürip ýetişdirmekde uly ösüşlere eýe bolýar. Welaýatymyzyň oba zähmetkeşleri ýylyň ýylyna ak bugdaýyň, pagtanyň, gant şugundyrynyň, miweleriň, gök-bakja önümleriniň bol hasylyny ýetişdirýärler.

Et, süýt, ýumurtga, ýüň, deri önümleriniň öndürilişi yzygiderli artýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda, şol sanda welaýatymyzda telekeçiligi ösdürmekde uly işler durmuşa geçirilýär.
Mary welaýaty ýurdumyzda elektrik energiýasyny köp öndürýän welaýatdyr. Mary Döwlet elektrik stansiýasynyň kuwwaty ýurdumyzyň ilatynyň we önümçilik desgalarynyň tok bilen üpjün edilmegine uly mümkinçilikleri döredýär.