Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Ýurdumyzyň azyk bolçulygyna goşant

08.07.2022

Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlar bilen birlikde, oba hojalyk toplumynyň işi rowaçlyklara beslenýär. Oba zähmetkeşleriniň durmuş we iş şertlerini gowulandyrmak boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.
Mary etrabynyň “Zarpçy” daýhan birleşiginiň çäginde 25 gektar ýeri kärendesine alyp, ýeralmanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdiren Allanazar Orazgulyýew hem zandy daýhan adamlaryň hilinden. Kakasynyň göreldesine eýerip, onuň daýhançylyk kärini dowam etdirýän ogullary Baýmyrat, Begmyrat, Maksat dagy hem ýeriň diline gowy düşünýärler. Olar islendik işiň azabyndan gorkman, gowy netijeleri gazanyp, uly abraýyň eýesi bolmagy başarýarlar. Ýerli toprak, howa şertlerinde idegi ýetirilip ýetişdirilýän önümleriň rysgal-berekediniň daýhan üçin genji-hazyna bolýandygy hemmelere mälimdir. Yhlas edip, alyn deriňi döküp ýetişdiren hasylyň hümmeti hem ýokary bolýar. Öz rysgyny daýhançylykdan tapan Orazgulyýewleriň maşgala agzalary azyk bolçulygynyň döredilmegine mynasyp goşantlaryny goşmak üçin öz tutanýerli zähmetlerini gaýgyrman zähmet çekýärler.

Sähet HOJAGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: Begmyrat Orazgulyýew ekin meýdanynda.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.