Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Sport. Sport. Sport.

23.12.2022

Ajap eýýamymyzda Garaşsyz döwletimizde sporty ösdürmekde, ýaşlary sporta köpçülikleýin çekmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Türkmen türgenleri özleri üçin döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ussatlyklaryny ýokarlandyrýarlar. Türgenlerimiz halkara ýaryşlarynda we dünýä çempionatlarynda altyn, kümüş medallaryň eýeleri bolmak bilen, Türkmenistan döwletimiziň sport abraýynyň arşa göterilmegine özleriniň saldamly goşantlaryny goşýarlar.

Şeýle türgenleriň birem Baýramaly şäher kazyýetiniň kazyýet kätibi, pauerlifting boýunça halkara derejeli sport ussady Şatlyk Rahmanowdyr. Bu ezber türgeniň halkara ýaryşlarynda gazanan üstünlikleri barada näçe gürrüň etseň edip oturmaly. Golaýda Mary şäheriniň 6-njy sport mekdebinde sportuň pauerlifting boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionatynda ýeňiji bolmagy başaryp, özüniň çempion bolmaga mynasypdygyny äşgär etdi. Çempionata ýurdumyzyň welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden pauerliftingçi ussat türgenleriň onlarçasy gatnaşdy.

— Dogrusy, ýaryş örän çekeleşikli geçdi. Bäsleşigiň barşy ähli türgenleriň oňa örän taýýarlykly gelendiklerini subut etdi. Sebäbi bu çempionat halkara ýaryşlaryna seçip alyş ýaryşy bolany üçin türgenleriň hemmesi oňa ykjam taýýarlykly gelipdirler. Men 120 kilogramdan ýokary çäksiz agram derejesinde çykyş edip, Türkmenistanyň rekordsmeni boldum. Elbetde, beýle ýeňiş ýeňil düşenok. Ýöne irginsiz türgenleşik, erjellik, ýeňşe sarsmaz ynam üstünlige ýetirýär — diýip, halkara derejeli sport ussady Şatlyk Rahmanow gürrüň berýär. Çekeleşikli geçen ýaryşda ýurdumyzyň çar künjeginden gelen pauerliftingçi türgenler güýç synanyşdylar. Ezber türgen Şatlyk Rahmanow ýaryşda oturyp-turmak maşky boýunça 310 kilogram agramy göterip, Türkmenistanyň rekordyny täzeledi. Şeýle hem ol ýatyp götermek maşky boýunça 212,5 kilogram agramy göterip, Türkmenistanyň rekordyny goýdy. Üç synanyşygyň jemi boýunça umumylykda 802,5 kilogram agramy göterip, bu ýaryşda üç rekordy täzeledi hem-de çempionatda 1-nji orny eýelemegi başardy. Sportda ýeňişli gadamlary batlanýan ussat türgen Şatlyk Rahmanow gazanýan üstünlikleri barada söhbet açyp, tejribeli tälimçisi, Türkmenistanyň sport ussady Allaberdi Nerowyň goldaw-ýardamyny hoşallyk bilen ýatlaýar. Ol bu tälimçiniň ýolbaşçylygynda Mary şäherindäki 7-nji sport mekdebinde türgenleşik geçip, ukyp-başarnygyny ýokarlandyrýandygyny gürrüň berdi. Şeýle hem Ş. Rahmanow ýeňişli menzilleriniň rowaç almagynda “Täze aý önümleri” hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçylarynyň, aýratynam, Begenç Orazowyň howandarlyk goldawynyň uludygyny hoşallyk bilen ýatlady. Bizem ussat türgene geljekde-de uly ýeňişleriň buýsançly pursatlarynyň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

A. Baýramow.
SURATDA: ezber pälwan Şatlyk Rahmanow.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.