Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

18.03.2023

Körpejelere bilim hem terbiýe bermekde terbiýeçilere aýratyn orun degişlidir. Olaryň zehinli, ukyp-başarnykly, ata Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmeginde terbiýeçiler yhlasly zähmet çekýärler. Şeýle terbiýeçileriň hatarynda Baýramaly şäherindäki 16-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçileri Bahar Annamuhammedowany hem-de Ogulgurban Jumanazarowany atlandyrmak bolar.

Terbiýeçiler çagalar bakja-bagynyň mekdebe taýýarlaýyş toparlarynda zähmet çekmek bilen, ýaş nesillere ukyp-başarnygyny, yhlasyny gaýgyrman bilim hem terbiýe berýärler. Olar kärdeşleriniň arasynda uly abraýdan peýdalanýarlar. Terbiýeçileriň iş tejribesi görelde alarlykly bolup, olar ýaş terbiýeçilere ýakyndan ýardam edýärler.

SURATDA: Bahar Annamuhammedowa hem-de Ogulgurban Jumanazarowa çagalar bilen.
Surata düşüren Çary NURMYRADOW.