Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Milli bahar baýramy dabaraly bellenilip geçildi

24.03.2023

Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň çar künjeginde Milli bahar gününiň — Halkara Nowruz gününiň şatlyk-şowhuny güneşli Diýarymyza ýaň saldy. Bahar paslynyň kalplarymyzy heýjana getirýän günlerinde bellenilen bu ajaýyp baýram ýurdumyzyň welaýatlaryndaky “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň ýanynda bezelen giň meýdançada dabaraly bellenilip geçildi. Baýramçylykda ýaňlanan aýdym-sazlardyr ajaýyp tanslar gözel tebigatymyzyň täzelenişiniň alamatlary, gözelligi bilen sazlaşykly utgaşdy.

Garaşsyz döwletimiziň ähli ýerinde bolşy ýaly, Milli bahar baýramy biziň welaýatymyzda-da ýokary ruhubelentlikde, şatlyk-şowhuna beslenip geçirildi. “Türkmeniň ak öýi” binasynda guralan baýramçylyk dabarasy köp adamly boldy. Hiňňildikleriň bady ajap eýýamymyzyň ösüşli menzillerini ýadyňa salsa, milli tagamly gazanlaryň uzyn hatary halkymyzyň myhmansöýerligine, hoşmeýilliligine şaýatlyk edýärdi. Şeýle hem guralan sergiler, sport görkezme çykyşlary, ýaşajyk suratkeşleriň bahar paslyny wasp edýän suratlary baýramçylyk şowhunyny has-da artdyrdy. Toý-baýramyň bezegi aýdym-saz. Şanly sene mynasybetli welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň belent owazly çykyşlary baýramçylyk dabarasyna ruhy öwüşgin çaýdy. Tansçylaryň şowhunly tanslary ýygnananlara ruhubelentlik paýlady.

Şemşat SAÝLYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: baýramçylyk dabarasyndan pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.