Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwreliň!
01.08.2024
Tebigat her bir ynsanyň gadyr-gymmatyny hiç bir zat bilen ölçäp bolmajak öýüdir. Hut şonuň üçin her birimiz öýümiz hasaplaýan tebigatymyza aýawly garamalydyrys. Ata Watanymyzyň hiç wagt gaýtalanmajak haýwanat hem-de ösümlik dünýäsini gorap saklamak, olara aýawly çemeleşmek hemişe wajyp meseleligine galýar. Munuň şeýledigine bu derwaýys meselä Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz iňňän uly üns berýärler. Şeýlelik bilen eziz Diýarymyzyň gözel tebigatyny goramak, ekologiýa ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak bilen bagly möhüm wezipeler öňde goýulýar.
Gözel tebigatymyzyň şu gözelligini, baý haýwanat hem-de ösümlik dünýäsini aýawly saklap, ertirki nesillere ýetirmek her günüň derwaýys wezipesi bolup durýar. Şonuň üçin hem şu meseläniň kämil Kanunçylygy hereket edip, onuň berk berjaý edilmegi esasy çözgüdiniň kepilidir.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny ýetişdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän işler öz miwesini berýär.
Tawus ALYÝEWA.Tagtabazar etrap kazyýetiniň kazyýet kätibi.