
Ajap eýýamyň ymaratlary
23.01.2025
2024-nji — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly zähmet ýeňişlerine besläp, taryhy wakalaryň şaýady bolan halkymyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýyla gadam basdy. Täze ýylyň ilkinji günlerinden ýurdumyzy depginli ösdürmekde il-günümiz döredijilikli zähmet çekýär. Diýarymyzda dürli maksatly binalary we desgalary gurup, ulanmaga bermekde tutumly işleriň bady artýar.
Golaýda ýene bir döwrebap bina ulanylmaga berildi. Binany telekeçi Ýazmyrat Orazowyň ýolbaşçylyk edýän “Güneşli desga” hususy kärhanasynyň zähmetsöýer gurluşykçylary gurdular. Sakarçäge şäheriniň merkezinde welaýat polisiýa müdirliginiň Sakarçäge etrabynyň polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň awtoulaglaryň tehniki ýagdaýyny anyklaýyş we hasaba alyş toparynyň edara binasynyň açylyş dabarasynyň ýaňy alyslara aşdy. Täze binanyň açylyş dabarasyna hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular we mährem eneler gatnaşdylar. Bu dabarada çykyş edenler ýygnanlary täze binanyň ulanmaga berilmegi bilen gutlap, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli işleriň mundan beýläk-de rowaçlanmagyny arzuw etdiler. Medeniýet we sungat ussatlarynyň şowhunly çykyşlary dabaranyň şatlyk-şagalaňyny has-da artdyrdy.
Baýram AMANOW.“Maru — şahu jahan”.
SURATLARDA: açylyş dabarasyndan pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.
