Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Ýürekden bir sözüm bar

20.02.2025

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mizemez ýörelge edinýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 24-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde hormatly Prezidentimiz kitaphana işini kämilleşdirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Bu hoş habar bizi täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy, has-da döredijilikli işlemäge uly itergi berdi.

Bu maksatnamanyň esasy wezipesi ýurdumyzda kitaphana işini kämilleşdirmekden, halkymyzyň ruhy we medeni aň-bilimini ösdürmekden, giň okyjylar köpçüligine döwrebap hyzmat etmekden ybaratdyr. Döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşinde, onuň kämilleşmeginde kitabyň, kitaphanalaryň ornunyň uludygyna düşünýän Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitabynda: «Kitabyň okalýan ýerinde, ynamyň bar ýerinde sagdyn düşünjeli nesil kemala gelýär, maksatlary amala aşyrmaga uly mümkinçilik döreýär, giň gapy açylýar, ýurt binasy berkeýär. Kitap okamak islegi halkyň dowamatyna dowam gatmak bilen barabardyr» diýip, örän jaýdar belleýär.

Häzirki wagtda kitaphanalaryň gaznasynda bar bolan elektron kitaplaryň kataloglarynyň üsti yzygiderli ýetirilýär. Olaryň arasynda Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň gymmatly eserleriniň elektron nusgalarynyň bolmagy buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.

Bize döredijilikli işlemäge ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il- -ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Gülkamar ABDYRAHMANOWA.

Mary şäheriniň merkezi şäher kitaphanasynyň bölüm müdiri,
TDP-niň işjeň agzasy.