
Halkara zenanlar gününe
06.03.2025
Bahar siz, mähir siz, eziz eneler! Toýlary toýlara ulaşýan Diýarymyzda Halkara zenanlar gününe bagyşlanylyp geçirilýän baýramçylyk dabaralary biziň welaýatymyzda hem giň gerime eýe bolýar.
«Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaraly çäreler geçirilýän binada bolan baýramçylyk dabarasy Halkara zenanlar gününe bagyşlanyldy. Welaýat häkimliginiň, welaýat medeniýet müdirliginiň, welaýat zenanlar bölüminiň bilelikde guramagynda geçirilen dabara welaýatymyzyň dürli edara-kärhanalarynda zähmet çekýän gyz-gelinler, kümüş saçly eneler we talyp gyzlar gatnaşdylar.
Bahar paslynyň gözelligini şöhlelendirýän bezemen sahnada welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, «Margiana», «Altyn asyr» tans toparlarynyň, Mary şäherindäki «Joşgun» hem-de «Altyn nesil» çagalar we ýetginjekler döredijilik öýleriniň zehinli körpeleriniň, Mollanepes adyndaky çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Welaýatymyzyň birleşen aýdymçylar we tans toparlarynyň dost-doganlyk dillerinde aýdan ene hakyndaky aýdymlary hem-de ussatlyk bilen ýerine ýetiren milli tanslary dabaranyň şowhunyna şowhun goşdy. Bu ýerde baýramçylyk gutlaglary bilen ýürek buýsançlaryny beýan eden mährem enelerdir gelin-gyzlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
***
Ýakynda Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda welaýat häkimliginiň, welaýat zenanlar bölüminiň bilelikde guramagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Baýramçylyk dabarasyna welaýat zenanlar bölüminiň geňeş agzalary, şäher, etrap zenanlar bölümleriniň işjeň agzalary, mährem eneler we talyp gyzlar gatnaşdylar. Dabarada TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy Kakageldi Gurbanow, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow we welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň baş hünärmeni, welaýat halk maslahatynyň agzasy Ogulşirin Seýidowa baýramçylyk gutlaglary bilen çykyş etdiler. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň kümüş saçly eziz enelerine, zähmetsöýer gelin-gyzlaryna goýulýan sarpanyň günsaýyn belende göterilýändigi, zenanlaryň yhlasly işlemegi, bagtyýar ýaşamagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigi dogrusynda buýsançly gürrüň edildi.
Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda teatryň baýramçylyk ruhunda bezelen giň sahnasynda welaýatymyzyň belli sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa edildi. Şowhunly elçarpyşmalaryň astynda garşylanylan «Altyn asyr» tans toparynyň joşgunly ýerine ýetiren milli «Küştdepdi» tansy göwünleri galkyndyrdy.
B. JUMADURDYÝEWA.
SURATLARDA: baýramçylyk dabaralaryndan pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.
