Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Gadamy batly, ýoly şöhratly “Galkynyş”

13.03.2025

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary yzygiderli ýeňiş gazanyp, Watanymyzyň abraýyna abraý goşýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow: — Abraýly halkara festiwallaryň, bäsleşikleriň ýokary baýraklaryna mynasyp bolup gelýän “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýädäki meşhurlygy barha artýar. Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda gazanylan ajaýyp üstünlik hem ýyndam ahalteke bedewleriniň abraýyny has-da belende göterdi.

Türkmen sirk sungatynyň şöhrata beslenen ösüşinde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna uly orun degişlidir. Bu topar 2007-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredildi. Topar dünýäniň birnäçe ýurtlarynda çykyş edip, sirk sungaty boýunça birnäçe abraýly halkara baýraklara, ýagny, 2013-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen “IDOL” bütindünýä sirk sungaty festiwalynda, 2014-nji ýylda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen XVI halkara sirk festiwalynda, 2015-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynda guralan II halkara sirk sungaty festiwalynda, 2016-njy ýylda Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Çarwadarlaryň II Bütindünýä oýunlarynda baş baýraklara, 2018-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde bolan Fontankadaky I halkara sirk sungaty festiwalynda “Altyn Gaetano” altyn heýkeljigine, 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy.

Läle-reýhana beslenip gelen ýaz paslynyň sapaly günleri welaýatymyzyň ýaşaýjylaryna ýatdan çykmajak pursatlary peşgeş berdi. Şu günler ýurdumyzyň Lebap, Mary, Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň ýaşaýjylary dünýäde uly meşhurlyk gazanan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna uly gyzyklanma bilen garaşýarlar. Bu topar Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň we Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň birleşen toparlary bilen bilelikde welaýatymyzda ýatdan çykmajak göçme çykyşlaryny guradylar, “Türkmeniň ak öýi” binasynda sirk baýramçylygyny geçirdiler.

Bu çykyşlar iki bölümden ybarat bolup, onuň birinji bölüminde Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň we Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň jongeýorlary, akrobatlary, wäşileri — klounlary, dürli görnüşli çykyşlaryň eýeleri bolan maýmynjyklar topary, poni tohumyndan bolan girdeneje at öz çykyşlary bilen sirk janköýerleriniň söýgülerine mynasyp boldular. Ikinji bölümde bolsa, bedew janköýerleriniň sabyrsyzlyk bilen garaşan, dünýäniň abraýly sirk festiwaly bolan Monte-Karlo sirk festiwalynyň baş baýragynyň eýesi bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşyna tomaşa etdiler.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2007-nji ýylda döredilen “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Ýer ýüzünde meşhurlyk gazanyp, ýurdumyzyň abraýyna abraý goşup, ahalteke bedewlerimiziň şöhratyny has-da artdyrdy. Monte-Karlodaky sirk sungaty halkara festiwalynyň baş baýragyna mynasyp bolan bu topar dünýäniň iň gowy sirk topary hökmünde ykrar edildi.

Aslynda-da, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalyna çagyrylmagynyň özi-de bu toparyň dünýäde uly meşhurlyga eýe bolandygynyň subutnamasydyr. Sirkiň sahnasyna türkmen milli lybaslarymyzda çykan toparyň sazlaşykly, çylşyrymly hereketleri daşary ýurt tomaşaçylarynda ýakymly täsirleri galdyryp, türkmen sirk sungatynyň kämillik derejesine ýetendigini äleme aýan etdi. Halkara atşynas-bilermenleriniň belleýşi ýaly, türkmen milli at üstündäki oýunlary çykyşyň ilkinji pursatlarynda tomaşaçynyň ünsüni özüne çekmegi başarýar.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň at üstünde ýerine ýetirýän çylşyrymly tilsimleridir oýunlary tomaşaçylary haýran galdyrýar. Ikinji bölümde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary sahna çykanda tomaşaçylaryň hemmesiniň ünsi “asman atlary” diýip, atlandyrylýan ahalteke bedewlerine gönükdi. Bedewlerimiziň özüne çekiji owadan keşbi, milli eginbaşly ýigitleriň ynamly, çeýe hereketleri, olaryň çykyşlaryny bezeýän tolgundyryjy sazlar tomaşaçylary özüne maýyl etdi diýsek hakykatdan daş düşmeris. Bedewler bilen bile guýulan ýaly bir bitewiligi emele getiren ýigitleriň çykyşlary ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Toparyň her bir çykyşy uly gyzyklanma döretdi. Olaryň gylyç-galkanly tanslary, owadan bedewleriň uly gyz kysmy sazlaşykly ýörişi, atlaryň üstündäki ýigitleriň çylşyrymly hereketleri, piramida şekilleri at üstünde ýerine ýetirmekleri tomaşaçylary haýran galdyrdy.

Behişdi bedewleriň gözelligi we ýyndamlygy, şeýle-de, ata-babalarymyzdan miras galan at üstündäki oýunlary ussatlyk bilen ýerine ýetirýän türkmen ýigitleriniň başarjaňlygy türkmen halkyny buýsandyrýar, sirk sungatyny has belende göterýär. Milli şaý-sepler bilen birkemsiz bezelen türkmen bedewleriniň sirk sahnasyndaky hereketleri hemmeleri haýrana goýýar. Hut şonuň üçin hem Garaşsyz Diýarymyzda gamyşgulak türkmen atlarynyň üstünde dürli oýunlary, maşklary çeýelik bilen ýerine ýetirmegi başarýan ýigitlerimiziň sungatyna örän ýokary baha goýulýar.

Ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratynyň dünýä içre barha beýgelmegi üçin taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!

Sähet HOJAGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATLARDA: sirk çykyşlaryndan pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.