Halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar
07.08.2025
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýol-ýörelgelerini mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda dost-doganlyk gatnaşyklary, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar. Mälim bolşy ýaly, şu günler ata Watanymyzyň gözel künjegi bolan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji halkara maslahaty ýokary derejede dowam edýär. Maslahata dünýäniň 32 döwletiniň ýolbaşçylary, hökümet wekilleri, BMG-ä agza ýurtlaryň we Guramanyň ýolbaşçylary, halkara guramalarynyň, parlamentleriň agzalarynyň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de hususy pudagyň wekilleri gatnaşýarlar.
Bu halkara maslahatynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki, bu gözel künjek halkara hyzmatdaşlygynyň we netijeli gepleşikleriň täze merkezine öwrüldi. Şeýle hem bu halkara forumy 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň uly toýy bilen utgaşýar. Hazaryň kenarynda bolup geçýän bu taryhy wakanyň BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň arasyndaky dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary giňden ösdürmäge, birek-birege düşünmäge, mundan başga-da, köptaraply hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik döreder.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz Ýer ýüzünde parahatçylygy berkitmäge, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen döwletli işleriň rowaçlanmagyna mynasyp goşandyny goşýar. Bu bolsa halklaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da ösdürilýändigini subut edýär.
Azat ATAMYRADOW.
TDEI-niň maglumatlar we okatmak üçin tehniki serişdeler bölüminiň başlygy, TDP-niň ilkinji partiýa guramasynyň başlygy.