Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar
28.08.2025
Mary etrabynyň Babasary geňeşliginde ýaşaýan hususy önüm öndüriji, “Watana bolan söýgüsi üçin” medalyň eýesi Atamyrat Alyýew gadymy we halal daýhançylyk kesbinden abraý hem rysgal tapanlaryň biri. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken “Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasynyň möçberini tassyklamak hakyndaky” Kararynyň esasynda ol 2021-nji ýylda telekeçi hökmünde 99 ýyllyk möhlete şertnama baglaşyp, maşgalasy bilen 65 gektar meýdany ulanmaga aldy.
Atamyrat şu ýyl bugdaý hasyly ýygnalan 32,5 gektar meýdandan Watan ammaryna 135 tonna galla hasylyny tabşyrypdyr. Şol ýeriň 25 gektaryna ekilen gant şugundyryna iýulyň 20-sine çenli gögeriş suwy berlipdir. Häzir doly hatar tutan süýjülik ekini giň meýdana bezeg berip otyr. Galyberse-de, daýhanlar aralyk ekin hökmünde şugundyryň ýeriň gurplanmagyna oňaýly täsir edýändigini hem belleýärler.
Şu ýyl 30 gektar meýdana «Ýolöten-7» sortly orta süýümli gowaça tohumy ekilipdir. Apreliň ilkinji günleri ekilen tohum doly gögeriş beripdir. Agrotehnikanyň talaplaryna görä, iýmiti-yzgary ýetik ekiniň boýam, hasylam gowy.
— Ýeriň, daýhanyň aladasynyň munuň ýaly edilen döwrüne gabat gelemzok — diýip, telekeçi daýhan Atamyrat Alyýew ýürek buýsanjyny mälim edýär. Daýhanlara uzak möhletleýin berlen ýerler-ä hakyky eýeli boldy, bizem tutuş maşgala bilen işli, ýerli bolduk. Halkymyzyň Hak hossary Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyzyň çägi ýok. Şu ýerde hemmämize iş tapylýar. Gyssanan wagtymyz möwsümleýin işlere töweregimiziň gelin-gyzlarynam çagyrýarys. Pagtanyň we bugdaýyň bahalary galansoň, höwesimiz has-da artdy, bilimiz kuwwatlanan ýaly boldy — diýip, Atamyrat Alyýew gürrüň berýär.
Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň ýaýbaňlandyran, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän maksatnamalaýyn özgertmeler netijesinde oba hojalyk pudagyna hususy önüm öndürijiler köpçülikleýin goşuldylar. Halal zähmeti bilen halal gazanja eýe bolýan telekeçileriň hatarynda babasaryly ussat daýhan Atamyrat Alyýew hem bar.
Muhammetberdi ANNAGELDIÝEW.
Žurnalist.
SURATDA: TAP-nyň Mary etrap komitetiniň hünärmeni Laçyn Ataýewanyň telekeçi daýhan Atamyrat Alyýewe sowgat gowşurýan pursady.
Surata düşüren awtor.