Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

“Galkynyş” — sirk äleminiň parlak ýyldyzy

09.03.2026

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň 13-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisiniň dowamynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasynyň işlenilip taýýarlanandygyny aýdyp, degişli resminama gol çekdi. Şol Maksatnama baglylykda ýakynda gadymy Mary topragynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara giňişlikde gazanan nobatdaky üstünligine bagyşlanan toý-dabarasy giňden tutuldy.

Hemmelere belli bolşy ýaly, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň ýanwar aýynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalarynyň gowşurylmagy bäş müň ýyllyk taryhy bolan türkmen bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratynyň barha beýgelýändiginiň ýene-de bir aýdyň güwäsine öwrüldi. Geçen ýyl bolsa, bu topar Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldular.

Ýurdumyzyň milli buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň abraýyny arşa galdyran “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary welaýatymyzyň merkezi Mary şäherinde şowhunly dabara bilen garşylanyldy. Mary şäheriniň gözel künjekleriniň biri bolan Garaşsyzlyk köçesiniň ugrunda dabaraly garşylanan myhmanlar baýramçylyk ýörişi bilen şähere görk berip oturan welaýat kitaphanasynyň öňündäki bezelen meýdança geldiler. Bu ýerde welaýatyň medeniýet we sungat ussatlary myhmanlaryň şanyna ýörite taýýarlanan aýdym-sazlar bilen toý dabarasynyň şowhunyny belende göterdiler. Soňra myhmanlar welaýat kitaphanasynda gurnalan türkmen halkynyň göz guwanjy bolan bedewlere bagyşlanan sergi bilen tanyşdylar, kitaphananyň bölümlerine aýlanyp gördüler. Welaýatyň Baş baýdak meýdançasynda, Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň öňünde aýdym-sazly çykyşlaryň owazy çar tarapa ýaýrady. Baýramçylyk ýörişine gatnaşanlar dabaranyň esasy geçýän ýerine — “Türkmeniň ak öýi” binasyna tarap ýola düşdüler.

Binanyň öňündäki toý meýdançasy dabaraly toýa mahsus derejede bezelipdir. Milli şaý-sepleriň, at esbaplarynyň, amaly-haşam, nakgaşçylyk we şekillendiriş sungatyna degişli saýlanan eserleriň giň sergisi görenleri haýran galdyrdy. Bezelen binanyň tomaşa zalynda geçirilen dabaralar toý şowhunyna baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Ýüreklere ýakyn çykyşlarda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara derejesindäki gazanýan üstünlikleri dogrusynda täsirli gürrüňler edilip, ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportuny ösdürip, belende göterýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri ýaňlandy.

Giň manežde “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezen sirk oýunlary tomaşaçylar tarapyndan şowhunly garşylandy. Olaryň her bir çykyşy dowamly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Şol gün dabara mynasybetli agzaçar sadakasy berildi. Onda ýurdumyzyň abadançylygy, halkymyzyň agzybirligi, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, ýurdumyzyň ösüşleri üçin alyp barýan döwlet işlerinde üstünlikleriň ýar bolmagy dileg edildi.

Sähet HOJAGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýeňişleriniň şanyna geçirilen dabaralardan pursat.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.