Bütindünýä saglyk güni dabaraly bellenilip geçildi
10.04.2026
Ynsan saglygyny berkitmek, dikeltmek hem-de gorap saklamak üçin beýik başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglyk edaralary gurlup, ulanylmaga berilýär. Olar ýokary hilli lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilýär. Şeýle-de, ýurdumyzyň çäginde hereket edýän, öňden bar bolan saglyk merkezleridir öýleriniň durky täzelenip, döwrebaplaşdyrylýar. Şeýle tutumly işleriň amala aşyrylmagy ýurdumyzda ynsan saglygyna aýratyn üns berilýändigine güwä geçýär.
Eziz Diýarymyzda Bütindünýä donorlar güni, Bütindünýä saglyk güni, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni ýaly belli günler giňden bellenilip geçilýär. 7-nji aprelde birnäçe döwletler bilen bir hatarda biziň ýurdumyzda-da Bütindünýä saglyk güni uludan bellenilýär. Şol gün Watanymyzyň ähli künjeginde welosipedli ýörişlere giň orun berilýär. Bu sene mynasybetli geçirilýän sport ýaryşlary hem diýseň çekeleşikli bolýar.
Bu ajaýyp senede däbimize öwrülen welosipedli ýöriş ir säher bilen Mary şäheriniň Kemine köçesinden badalga aldy. Uzak aralyga guralan ýörişiň dowamynda ajaýyp aýdym-sazlara, sport çykyşlaryna giň orun berildi. Şeýle täsirli çykyşlar welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, welaýat kitaphanasynyň, Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň, Baş baýdak meýdançasynyň öňündäki meýdançalarda ýaýbaňlandyryldy. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda alnyp barylýan beýik işleriň waspy ýaňlanan aýdymlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Ajaýyp owazlardyr tanslar bolsa welosipedli ýörişe gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady, olaryň baýramçylyk şowhunyny artdyrdy. Täsirli hem gyzgalaňly geçen ýöriş Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky welaýat medeniýet köşgüniň ýanynda tamamlandy.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň at-abraýyny belende galdyrmakda, ynsan saglygyny goramakda, türkmen halkynyň asuda, parahat durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekde taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Goý, Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary, il-ýurt bähbitli tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Sülgün ŞADYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: welosipedli ýörişden pursat.
Suraty düşüren Şamyrat AMADOW.