Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

10.04.2026

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda oba hojalygynyň beýleki ulgamlary bilen birlikde ýüpekçiligiň ösdürilmegine-de aýratyn üns berilýär. Piläniň bereketli hasylyny öndürmek, dokma senagatymyzy ýokary hilli ýüpek çig maly bilen üpjün etmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Döwletimiz tarapyndan döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan ýüpekçi kärendeçiler her ýyl ýokary hilli pile hasylyny taýýarlamagyň hötdesinden gelýärler. Edermen pileçileriň yhlasly zähmeti bilen alynýan ýüpek we ondan öndürilýän ýokary hilli önümler ýurdumyzyň eksport kuwwatyny ösdürmekde hem möhüm ähmiýete eýedir.

Ýaz paslynyň gelmegi bilen ýüpekçiler üçin möhüm möwsüm başlanýar. Welaýatymyzyň ýüpekçi kärendeçileri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň pile möwsümine ähli tarapdan taýýarlykly geldiler. Ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsümi gysga döwür bolsa-da, ol uly jogapkärçiligi talap edýär. Ony idetmegiň özüne ýeterlik hysyrdysy bar.

Bereketli pile hasylynyň öndürilişini artdyrmak üçin idediljek ýüpek gurçugynyň tohumyny saýlap almak, ony talaba laýyk janlandyrmak ýüpekçilikde iň derwaýys wezipelerdir. Munuň üçin bolsa esasan ýüpek gurçuklarynyň saklanyljak jaýlarynyň arassalygyna, ýylylygyna, çyglylygyna aýratyn üns bermeli. Şeýle-de, olaryň iýmiti bolan tut ýapraklarynyň bolçulygyny döredip, olary wagtly-wagtynda iýmitlendirip durmaly. Edermen pileçiler özleriniň yhlasly we öndürijilikli zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýän, çekýän zähmetine mynasyp baha berýän hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýdýarlar.

Biz hem ýüpekçi kärendeçilere “Işiňiz ileri bolsun!” diýýäris.

Durdynabat BAÝRAMOWA.
«Maru — şahu jahan».