Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

At çapyşygynyň ýazky möwsümi

10.04.2026

Aprel aýynyň 5-ine welaýat atçylyk sport toplumynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýazky at çapyşyk möwsüminiň nobatdaky ýaryşlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Atçylyk sport toplumynda guralan dabaralar türkmen toýuna mynasyp şatlyk-şowhuna beslendi. Bedew janköýerlerini bir ýere jemlän bu toýda sungat ussatlarynyň Watanymyzyň ägirt uly ösüşlerini, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli beýik işlerini, türkmen bedewlerini wasp edýän aýdym-sazlary ýaňlandy.

Çekeleşikli geçen at çapyşygynyň birinji tapgyry üçýaşar atlaryň arasynda geçirilip, olar 1200 metr aralykda güýç synanyşdylar. Bu tapgyrda 1200 metr aralygy 1 minut 22 sekuntda geçen Almaz atly dor at ýeňiji boldy. At S. Gurbanowyň hojalyk aty bolup, ony seýislän seýis Ş. Orazgeldiýew, çapyksuwary B. Gurbanow. Ikinji tapgyra gatnaşan üçýaşar atlar hem 1200 metr aralykda öz ýyndamlygyny görkezdiler. B. Orazowyň hojalyk aty bolan Garajaoglan atly gara at 1 minut 20 sekunt wagt bilen hemmelerden öňe saýlandy. Aty seýislän A. Annaýew, çapyksuwary D. Azadow. Üçýaşar atlaryň sekizisi gatnaşan üçünji tapgyr hem 1200 metr aralyga geçirildi. M. Seýidowyň hojalyk aty bolan Dorguş atly dor at hem 1 minut 19 sekunt wagt görkezip, pellehana öň geldi. Onuň seýsi M. Seýidow, çapyksuwary D. Azadow.

Dördünji tapgyra gatnaşan dörtýaşar we ulyýaşar atlar 1800 metr aralyga çapuwa goýberildi. Bu tapgyrda Toýçy atly mele at 1 minut 2 sekunt wagt bilen 10 atyň içinden saýlanyp, ýeňiji boldy. Bu at R. Läliýewiň hojalygyna degişli bolup, ony Ş. Orazgeldiýew seýisläpdir. Bu ata B. Gurbanow ezberlik bilen çapyksuwarlyk etdi.

Bäşinji çapyşyga dört we uly ýaşar atlar gatnaşyp, 1800 metr aralykda güýç synanyşdylar. Bu ýaryşda Türkmenistanyň Ýokary Kazyýetiniň dor gysrak aty Aýmelek öňe saýlandy. Ol bu aralygy 1 minut 29,52 sekuntda geçmegi başardy. Atyň seýsi M. Seýidow, çapyksuwary D. Azadow.

At çapyşyklaryna gatnaşan bedew janköýerleridir tomaşaçylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

Sähet HOJAGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: at çapyşygyndan pursat.
Suraty düşüren Şamyrat AMADOW.