Beýik maksatlaryň zamanasy
17.04.2026
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyz bedew batly öňe barýar. Diýarymyzyň şeýle ýeňişli ýoly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” şygarly ýylymyzda uly üstünliklere beslenip, has belent maksatlara ruhlandyrýar.
Beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň uly toýunyň belleniljek ýylynyň üstümizdäki aýynda welaýatymyzyň ýaşaýjylary taryhy wakalaryň guwanç duýgusyny başdan geçirýärler. Mälim bolşy ýaly, golaýda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermeginde Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze şäherçäniň gurluşygynyň düýbüniň tutulmagy şanly ýylymyzyň möhüm wakalarynyň biri boldy. 22,5 müň ýaşaýja niýetlenilen döwrebap şäherçede onuň ýaşaýjylary üçin ähli amatlyklaryň göz öňünde tutulandygy guwanç duýgusyny döredýär. Täze şäherçäniň gurluşygynyň düýbüniň tutulmagy ýurdumyzda adam hakdaky aladanyň giň möçberli işlerde üstünlikli amala aşyrylýandygyna doly şaýatlyk edýär. Täze şäherçede ähli mümkinçilikleri bolan ýaşaýyş jaýlary bilen birlikde, bu ýerde durmuş-medeni maksatly dürli binalardyr desgalaryň gurluşygynyň meýilleşdirilendigini ýatlamalydyrys.
Şu buýsançly wakanyň yzysüre il-günümize ýene bir şatlykly wakanyň şaýady bolmak bagty miýesser etdi. Has takygy, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasynyň ýaňy alyslara aşdy. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda bu ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň 3-nji tapgyry ulanylmaga berildi. Şeýlelikde, şu ýoluň Mary — Türkmenabat bölegini goşmak bilen Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň umumy uzynlygy 600 kilometre deň boldy. Bu ýoluň ulanylmaga berilmegi ak şäherimiz Aşgabat bilen güneşli Diýarymyzyň gündogar sebitleriniň arasyndaky ýük we ýolagçy gatnawlarynyň tizligini ýokarlandyryp, hil taýdan täze derejelere çykarmaga mümkinçiliklere ýol açdy. Täze mümkinçilikleri döredýän ýokary tizlikli ýol üstaşyr-ulag ulgamynyň täze derejelere çykmagynda-da uly ähmiýete eýe bolar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” şygarly ýylymyz uly üstünliklere beslenip, abadan geljegimize ynam döredýär. Çünki, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda belent maksatlarymyz myrat bolup, has-da eşretli ertire tarap gadamlarymyz batlanýar.
“Maru — şahu jahan”.