Sport. Sport. Sport.
17.04.2026
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde sport ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny has-da berkitmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Çünki, ýurdumyz halkara sport hyzmatdaşlygynyň merkezleriniň biri hökmünde ykrar edildi. Türkmen türgenleri daşary ýurtlarda geçirilýän halkara sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşyp, öňdäki orunlara eýe bolup, ýaşyl Tugumyzy belentde parladýarlar.
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkand şäherinde sportuň uniwersal söweş görnüşi boýunça halkara ýaryşy geçirildi. Oňa welaýatymyzdan alty türgen we bir tälimçi gatnaşyp, olar sportuň uniwersal söweşiniň klassik görnüşi we laýt göreş görnüşi boýunça şowly çykyş edip, medallaryň 12-sine we Hormat hatlaryna mynasyp boldular. Olardan 12-13 ýaşly türgenleriň arasynda Kerem Ataýew +55 kilograma çenli agramda çykyş edip, 1 altyn, 1 kümüş medala, 14-15 ýaşly türgenleriň arasynda Meýlis Mekanow 60 kilograma çenli agramda çykyş edip, 1 altyn, 1 kümüş medala, Atajan Handurdyýew 60 kilograma çenli agramda çykyş edip, 2 kümüş medala, Ylham Şatlykow bolsa 70 kilograma çenli agramda çykyş edip, 2 altyn medala eýe boldular. Şeýle-de, 16-17 ýaşly türgenleriň arasynda Ýakup Täçgeldiýew 55 kilograma çenli agramda çykyş edip, 2 kümüş medala, Dawut Döwletow 65 kilograma çenli agramda çykyş edip, 2 kümüş medala mynasyp boldular.
Halkara ýaryşynda ýeňiş gazanan Wekilbazar etrabyndaky 1-nji sport mekdebiniň uniwersal söweş boýunça tälimçisi, Milli ýygyndy toparyň baş tälimçisi Nagmat Hojamämmedowyň ýetişdirýän ussat türgenlerine geljekde-de sport äleminde uly üstünlikleri we ýeňişleri arzuw edýäris.
Bahargül MEJIDOWA.
«Maru — şahu jahan».
SURATDA: halkara ýaryşyna gatnaşan türgenler tälimçi Nagmat Hojamämmedow bilen.