Beýik maksatlaryň zamanasy
22.04.2026
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bedew batly öňe barýan ýurdumyz türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halk bähbitli, döwlet ähmiýetli bitirýän bimöçber işleriniň netijesinde täze ösüşlere beslenýär. Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň belent sepgitlere çykýandygynyň aýdyň mysaly hökmünde Ýolöten etrabynyň çäginde ýerleşýän dünýäniň iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz känini görkezmek bolar. “Galkynyş” gaz käni Türkmenistanyň gaz pudagynyň ösüşiniň esasy çeşmesi bolup durýar. Bu ägirt uly gaz käni diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, sebitiň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde-de möhüm orun tutýar. Häzirki wagtda bu ýerde iň döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylyp, tebigy gazyň çykarylyşyny we gaýtadan işlenilişini artdyrmak boýunça täze taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmaklarynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň IV tapgyryndaky işlere badalga berildi. Taslamanyň çäginde Hytaýyň «CNPC» kompaniýasy bilen bilelikde ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desganyň gurulmagy we täze guýularyň burawlanmagy türkmen gazynyň dünýä bazaryndaky ornuny has-da pugtalandyrar.
Ýurdumyzda tebigy gaza baý täze ýataklary özleşdirmek, uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşyny artdyrmak, guýulary düýpli abatlamak boýunça hem möhüm işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, “Galkynyş” gaz känindäki gaz guýularynyň görkezijileri, bir tarapdan, öňdebaryjy halkara önüm öndürijileriň ünsüni özüne çekse, beýleki bir tarapdan, tebigy gazy sarp ediji döwletleriň hem-de iri maýadarlaryň çuňňur gyzyklanmasyna eýe bolýar.
Eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokary götermekde beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Maksat JANMYRADOW.
TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň
Mejlisiniň deputaty.