Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

9-njy maý — 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni

09.06.2026

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy ýurdumyzyň ähli ýerinde giňden bellenilýär. Döşi ordenli sag-salamat ojagyna dolanyp gelen Aýdogdy Amadyýew häzirki wagtda 109 ýaşynda agtyk-çowluklarynyň, ýuwluk-gowluklarynyň arasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne buýsanyp otyr. Gürrüňini edýän gahrymanymyz Mary etrabynyň Peşanaly obasynyň ýaşaýjysy, Aýdogdy aga aýgytly söweşlere gatnaşyp, Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna mynasyp goşandyny goşdy.

Bu günki baýram gününde edermen gahrymanyň Garaşsyz, baky Bitarap döwletimize bolan guwanjy has-da uly. Ol ýaş nesillere ata Watany, ene topragy, asuda asmanymyzy gözüň göreji deý goramalydygyny, söýmelidigini nygtaýar. Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiziň adyndan, şeýle-de, syýasy partiýalaryň welaýat komitetleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň welaýat bölümleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda Aýdogdy Amadyýewe gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Biz hem Watan Gahrymanynyň bagtyýar neberesine, il-gününe, döwletimiziň ajaýyp ösüşlerine guwanyp ýaşamagyny arzuw edýäris.

Goý, Watan üçin şirin janyna döz gelen merdana gerçeklerimiz ebedi ýaşasyn! Ýurdumyz hemişe parahat bolsun!

Aýparça AKYMOWA.
«Maru — şahu jahan».
SURATDA: uruş weterany Aýdogdy Amadyýewe sowgat gowşurylyş dabarasyndan pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.