Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy
18.05.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen birlikde oba hojalygynyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ilatymyzy öz topragymyzda ösdürilip ýetişdirilýän önümler bilen ýeterlik derejede üpjün etmek boýunça döredip berýän mümkinçiliklerinden ugur alyp, ýer eýeleri ýadawsyz zähmet çekýärler.
Baýramaly etrabynyň “Türkmenistan” daýhan birleşiginiň agzybir kärendeçileri hem her ýyl bugdaýdyr gowaçadan bol hasyl alyp, bellenilen meýilnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýärler. Daýhan birleşiginde Oguloraz Ahmedowanyň ýolbaşçylyk edýän 2-nji toparynyň kärendeçileri toprakdan ýokary hasyl almakda tutanýerlilik görkezýärler. Bu topar boýunça 200 gektar ýere eýelik edilýär. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň hasyly üçin 30 gektar ýere bugdaý ekilip, agrotehnikanyň talaplaryna görä idegi ýetirilýär. Galan bölegine bolsa öňden taýýar edilip goýlan ýere gowaçanyň “Ýolöten-7”, “Ýolöten-14” görnüşleri ekildi. Häzirki wagtda iki gulak bolup gögeren ýaşajyk gowaçalar göni hatarlary düzýär. Toparda Annamyrat Ahmedow 10 gektar, Suwhan Myradow 11 gektar ýere eýelik etmek bilen kärdeşlerine görelde bolýarlar.
Tejribeli kärendeçi Annamyrat Ahmedow eýelik edýän 10 gektar ýerinde ak ekiniň idegini ýetirýär. Onuň dökünini, suwuny ýetiren ekininden göwni hoşal. Ol päk zähmeti bilen orak möwsüminde bereketli hasyly Watan harmanyna tabşyrjakdygyna berk ynanýar. Annamyrat aga ýanýoldaşy, toparyň ýolbaşçysy Oguloraz Ahmedowa hem ýakyndan kömek berýär. Her bir işde ýardamçysy bolýar. Agzybirlikde alnyp barylýan iş hem ajaýyp miwesini berýär.
Durdynabat BAÝRAMOWA.
«Maru — şahu jahan».
SURATDA: Annamyrat Ahmedow ekin meýdanynda.
Surata düşüren Döwlet MUHAMOW.