“Soňky jaň” dabarasy
29.05.2026
25-nji maý kalby arzuwdan doly uçurymlaryň şatlykly günleriniň biri boldy. Bu günde “Soňky jaň” dabarasy şatlyk-şowhuna beslenip, onda uçurymlara ak ýol arzuw edildi. Mekdep ýyllarynyň şatlykly günleriniň şaýady bolan uçurymlar bu günki gün bilim beren mugallymlaryna sagbolsunlaryny aýdyp, durmuş ýoluna uly ynam bilen gadam basýarlar.
12 ýyllap bilim alyp, ylymly-bilimli, watansöýüji, kämil nesiller bolup ýetişen bagtyýar uçurymlary ak ýola ugradýan “Soňky jaň” dabarasy ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda-da uly ruhubelentlige beslendi. Ajaýyp baýramçylyk gününde mekdeplerde hormatly Prezidentimiziň “Soňky jaň” dabarasy mynasybetli umumybilim berýän mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine iberen Gutlagy okalyp, onda aýdym-sazly şowhunly çykyşlara giň orun berildi. Tolgundyryjy pursatlarda uçurymlaryň, mugallymlaryň we ene-atalaryň gatnaşmagynda kakylan «soňky jaň» bolsa, uçurymlaryň kalbynda täze maksatlara tarap ýol açdy.
Soňra mekdep uçurymlarynyň gatnaşmagynda Baş baýdaga gül goýmak dabarasy boldy. Şeýle-de, “Soňky jaň” dabarasy mynasybetli welaýatymyzyň dürli künjeginde baýramçylyk konserti guraldy. Welaýat kitaphanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen dabarada öňdebaryjy uçurymlara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy hem olarda ýatdan çykmajak pursatlary galdyrdy. Şondan soň Arkadagly Gahryman Serdarymyza welaýatymyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň uçurymlarynyň, mugallymlarynyň we ähli bilim işgärleriniň adyndan Ýüzlenme kabul edildi.
Aýajyp günde «soňky jaňyň» sesiniň batly ýaňlanmagy bilen bolsa, uçurymlar “durmuş” atly kitabyň ilkinji gatlaryny açdylar. Olaryň her biri durmuşda öz ornuny tapyp, ata Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly ogul-gyzlar bolup ýetişerler. Ak mekdepde orta bilimi alyp, ýokary okuw mekdeplerinde okap, ussat hünärmen bolup ýetişmegi arzuw edýän uçurymlar döwlet synaglaryna gatnaşarlar we orta bilim hakyndaky şahadatnamany ellerine alarlar. Geljekki maksatlarynyň çapyksuwarlary bolan uçurymlar ýokary okuw mekdeplerine girmek, ýokary bilimli hünärmen bolup ýetişmek üçin giriş synaglaryny tabşyryp, talyp adyna mynasyp bolarlar. Nesip bolsa, olar geljekde dürli ugurlarda zähmet çekip, ata Watanymyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşarlar.
Biz hem öz gezegimizde uçurymlara döwlet synaglarynyň, giriş synaglarynyň üstünlikli geçmegini arzuwlap: “Ýoluňyz ak bolsun, mähriban uçurymlar! Saýlap alan hünäriňiz sizi bagtly geljege, ýurdumyzy bolsa, beýik üstünliklere alyp barsyn!” diýýäris.
Sülgün ŞADYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: baýramçylyk dabaradan pursat.
Suraty düşüren Şamyrat AMADOW.