Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni

01.06.2026

Çaga ömrümiziň dowamaty, geljegimiziň şuglasy. Şonuň üçin-de, çaga — baldan süýji bala hakynda söz açylanda diňe ýagşy zatlar hakynda aýdasyň gelýär. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda gözümiziň göreji bolan balalarymyzyň geljeginiň ýagty, ýörän ädimleriniň şowly, ylymdan, bilimden paýly bolmagy ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Eziz Diýarymyzyň çar-künjeginde ýaş nesillerimiziň sagdyn ösüp, berk bedenli, ylymly-bilimli, ata-enesine, hormatly Prezidentimize, il-halkymyza, ata Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin taýsyz tagallalar edilýär. Çagalaryň döwür bilen aýakdaş gitmegi, döwrebap mümkinçiliklerde göwnejaý dynç almagy üçin-de beýik işler durmuşa geçirilýär.

Asman päkligi ýaly päkize çagalaryň şanyna bütin dünýäde uly baýram edilýändigi hemmämize mälim. Has takygy, 1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara güni birnäçe döwletlerde, şol sanda biziň ýurdumyzda hem giňden bellenilýär. Bu günde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde baýramçylyk dabaralary guralýar. Biziň welaýatymyzda-da çagalar üçin niýetlenilen ähli seýilgählerde ajaýyp dabaralar guralyp, olaryň şanyna aýdym-sazlar belentden ýaňlanar, dürli göwnaçmalara giň orun berler. Umuman, çagalaryň bu ajaýyp günde wagtlarynyň hoş geçmegi üçin giň şertler dörediler.

“Maru — şahu jahan”.