Dalaşgär — 2026
17.07.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýol-ýörelgelerine eýerýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýä derejesindäki abraýy barha arşa galýar. Ýurdumyz ähli ulgamlarda ýokary netijelere eýe bolýar. Şol sanda bilim ulgamynda hem täze sepgitlere ýetilýär.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, çylşyrymly tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Ähli ýyllarda bolşy ýaly, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylymyz hem ýurdumyzda bilim ulgamyny özgertmegiň, täze sepgitlere ýetmegiň ýyly bolýar.
Bilşimiz ýaly, ýakynda hormatly Prezidentimiziň buýruga gol çekmegi bilen 2026-njy ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem dalaşgärleri okuwa kabul etmek möwsümi guramaçylykly alnyp barylýar. Geljekde öz hünärleriniň eýeleri boljak dalaşgärlere ýakyndan ýardam berilýär. Biz hem ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşandyny goşjak dalaşgärlere ak ýol arzuw edýäris!
Bagtyýar geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlar hakynda yzygiderli aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Aýparça AKYMOWA.
“Maru — şahu jahan”.