Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Galla — 2026

17.07.2026

Halkymyz gallany nygmatlaryň naýbaşysy, saçaklarymyzyň berekedi hasaplaýar. “Uly iliň soltany” diýlip hem ýöne ýere aýdylmaýar. Bu günki günde türkmen desterhanyna her dänesi gadyr bolup giren ak bugdaýyň harman çäji barha beýgelýär. Türkmen ojagynyň mukaddes azyklyk ak bugdaýy saçaklarymyza dolýar.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen döwletimiz tarapyndan gallaçy kärendeçilere öndürijilikli zähmet çekip, bugdaýyň bereketli hasylyny ýetişdirmäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Toprakdan bol hasyl almak üçin ähli şertleriň döredilmegi, çeken zähmetiň üçin hasaplaşyk işleriniň wagtly-wagtyna geçirilmegi daýhanlary has-da önjeýli işlemäge ruhlandyrýar. Ajaýyp mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýan ýurdumyzyň ak ekin ussatlary üstümizdäki ýylda bellenilen borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Şeýle arzyly sepgide ýetilmeginde biziň welaýatymyzyň gallaçy kärendeçileriniň hem mynasyp goşandy bar. Welaýatymyzyň ak ekin ussatlary geçen ýyllarda bolşy ýaly, üstünliklere beslenýän ýylymyzda hem eýelik edýän kärende ýerlerinde bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirdiler. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bemegi bilen welaýatymyzda 3-nji iýunda galla oragyna girişildi. Agzybirlikde ýygyma girişen gallaçylar bugdaýyň bir dänesini hem yrýa etmän ýygnap, Watan harmanyna tabşyrdylar. Çalt depginler bilen işleriň guramaçylykly alnyp barylmagy netijesinde ýer eýeleriniň, kombaýnçylaryň yhlasly zähmeti ýerine düşdi.

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda welaýatymyzyň edermen gallaçylary ýygym möwsümini üstünlikli tamamlap, zähmet ýeňşini gazandylar. Has takygy, 170 müň gektar ýerden yhlasly zähmetiň netijesinde 345 müň tonnadan gowrak däne taýýarlanylyp, Watan harmanyna tabşyryldy. Galla oragyna gatnaşan zähmet adamlarynyň çeken zähmetiniň ýerine düşmegi olary täze ýeňişlere ruhlandyrýar. Bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetiren gallaçylar hormatly Prezidentimiziň daýhana berýän kömek-goldawlary, satyn alyp berýän kuwwatly tehnikalary üçin alkyş sözlerini aýtdylar. Gazanylan ýeňiş ak ekin ussatlarynyň şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygyna zähmet sowgatlary bolar. Welaýatymyzyň tutanýerli gallaçylary bol galla hasylyny ýetişdirip, azyk bolçulygyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýandyklaryna diýseň buýsanýarlar.

Biz hem ýeňişli sepgidi eýelän zähmet ussatlaryna “Harmanyňyza bereket, edermen gallaçylar!” diýýäris. Şeýle-de, mundan buýana hem Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda zähmet çekmek üçin döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, toprakdan bol hasyl almakda hemişe üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuwlaýarys.

Goý halkymyzyň bagtyýar durmuşda bolelin ýaşamagy, zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Durdynabat BAÝRAMOWA.
«Maru — şahu jahan».