Bilimli nesil — kuwwatly Watan
17.07.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz hemmetaraplaýyn gülläp ösüp, bedew bady bilen öňe barýar. Diýarymyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda gazanylýan ýokary görkezijiler älem-jahany haýrana goýýar.
Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda bilim ulgamyna has hem uly üns berilýär. Çünki, hormatly Prezidentimiz “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” diýen ganatly şygary öňe sürýär. Munuň özi bolsa beýik Watanymyzyň has röwşen geljeginiň hünärli ýaş nesle baglydygyny görkezýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber uly tagallasy bilen Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň tassyklanylmagy bolsa, ýaşlaryň sowatlylyk derejesine döwlet möçberinde uly üns berilýändigini aňladýar. Bizem şondan ugur alyp, Mugallymçylyk mekdebimizde bilim alýan ýaşlaryň sowatlylygynyň ýokary derejede bolmagyny gazanmaga çalyşýarys. Çünki, Mugallymçylyk mekdebimizi tamamlap giden ýaş hünärmenlere orta mekdeplerde jogapkärli wezipe garaşýar.
Bizi döwletli-döwranda ýaşadyp, işlemäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşymyz çäksizdir.
Bahar BALKANOWA.
Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.