Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen welaýatymyzda bugdaý ekişine girişildi
04.09.2026
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 28-nji awgustynda geçirilen mejlisinde güýz paslynyň ýakynlaşýan günlerinde bugdaý ekişiniň golaý gelendigini, gallaçy babadaýhanlarymyzyň öňünde möhüm wezipeleriň durýandygyny belläp geçdi. Bugdaý ekişi möwsümini bellenen meýilnama boýunça, agrotehnikanyň kadalaryna görä, öz wagtynda we ýokary hilli geçirmegiň uly ähmiýetini belläp, ekiş möwsüminde geljek ýylyň bereketli hasylynyň düýbüniň tutulýandygyny nygtap geçdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda şu ýylyň 2-nji sentýabryndan bugdaý ekişine ak pata berýändigini aýtdy we ata-babalarymyzdan gelýän asylly däbimize eýerip, bu möhüm çärä hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda badalga berilmelidigini belledi.
Welaýatymyzyň zähmetsöýer gallaçylary geljek ýylyň hasyly üçin 170 müň gektar ýere bugdaý ekmegi öz öňlerinde wezipe edip goýdular. Jogapkärli ekiş möwsümine tehnikalar, ekijiler tehniki gözegçilikden geçirilip, düýpli abatlaýyş işler geçirildi. Bu işlerde welaýat, etrap “Obahyzmat” önümçilik kärhanalarynyň hünärmenleri, abatlaýjy ussalary netijeli işjeňlik görkezdiler. Bereketli hasylyň ekişden başlanýandygyna doly göz ýetirýän edermen gallaçylar bugdaý ekişine ýokary taýýarlykly geldiler.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasyna eýerilip, welaýatymyzda 2027-nji ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine girişmeklige bagyşlanylyp welaýat häkimliginde maslahat geçirildi. Oňa welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleri, şäher, etrap häkimleri, olaryň orunbasarlary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler gatnaşdylar.
Maslahatda gallaçy kärendeçilerimiziň bugdaý ekişine taýýarlykly gelendikleri bellenilip geçildi. Hormatly Prezidentimiziň geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine girişmäge ak pata bermegi bilen welaýatymyzda bu möhüm çärä guramaçylykly girişilip, ekişiň ýokary hilli, agrotehnikanyň talaplaryna laýyk, bellenilen möhletlerde geçiriljekdigine ynam bildirilip, daýhanyň Hak howandary hormatly Prezidentimize alkyşly sözler aýdyldy. Çykyş edenler, bugdaý ekişine ýerleriň, tehnikanyň, tohumlyk dänäniň we beýleki gerek bolan zerur serişdeleriň taýýarlygy barada degerli maglumatlary aýtdylar.
Garagum etrabynyň “Ak altyn” daýhan birleşiginiň bugdaý ekişine birkemsiz taýýarlanan ekin meýdanynyň ýakasynda yzyna ekijiler tirkelen traktorlar, giň meýdançada ýerleşdirilen tehnikanyň ätiýaçlyk şaýlary, tohumlyk däneleriň ekiljek görnüşleri ekişiň bökdençsiz geçiriljekdigine güwä geçýär. Toý dabarasyna beslenen bezemen meýdançada aýdym-sazyň owazy alyslara ýaýraýar.
Tolgundyryjy pursat gelip ýetdi. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen il içinde hormatlanylýan ýaşulularymyz “Bismilla” bilen ene topraga bugdaý tohumyny sepdiler. Bugdaý ekijileri tirkelen traktorlar sazlaşykly hereketi bilen ekişe girişdiler.
Sähet HOJAGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: welaýatymyzda täze ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine girişilmeginden pursat.
Suraty düşüren Döwlet MUHAMOW.